“Buker” baýragynyň uzyn sanawy

Golaýda Beýik Britaniýanyň “Buker” baýragynyň 2018-nji ýyldaky uzyn sanawy mälim edildi.Oňa şu aşakdaky awtorlaryň eserleri girizilipdir:“Snap” (Pitik) Belinda Bauer, iňlis ýazyjysy.“Milkman” (Süýt satýan) Anna Berns, iňlis ýazyjysy.“Sabrina” Nik Drnaso, amerikan ýazyjysy.“Washington Black” (Gara Waşington) Esi Edugýan, kanadaly ýazyjy.“In Our Mad and Furious City” (Biziň paýhassyz we gazaply şäherimizde) Gaýa Gunaratne, iňlis ýazyjysy.“Everything Under” (Ähli zat pesde) Deýzi Jonson, iňlis ýazyjysy.“The Mars Room” (Marsdaky otag) Reýçel Kuşner, amerikan ýazyjysy.“The Water Cure” (Suw bejergisi) Sofiý Makintoş, iňlis ýazyjysy.“Warlight” (Uruş şamçyragy) Maýkl Ondatže, kanadaly ýazyjy.“The Overstory” (Taryhyň başy) Riçard Pauers, amerikan ýazyjysy.“The Long Take” (Uzak wagt eýeleme) Robin Robertson, iňlis ýazyjysy.“Normal People” (Adaty adamlar) Salli Runi, irland ýazyjysy.“From a Low and Quiet Sea” (Pes we ümsüm deňizden) Donal Rýan, irland ýazyjysy.Dalaşgärleriň arasynda has meşhur ýazyjy Maýkl Ondatže bolup, ol şu ýyl “Iňlis hassasy” romany üçin “Altyn Buker” baýragyna mynasyp boldy.

Esi Edugýan 2011-nji ýylda gysga sanawa düşüpdi, ýöne Julian Barns ondan öňe saýlanypdy.Nik Drnasonyň “Sabrina” romanynyň uzyn sanawa goşulmagy hem guwandyryjydyr.Gysga sanaw 20-nji sentýabrda belli bolup, ýeňiji şu ýylyň 16-njy oktýabrynda mälim ediler. “Buker” baýragy iňlis dilinde ýazylan eserlere berilýän abraýly baýraklaryň biridir.

Geçen ýyl amerikan ýazyjysy Jorj Sonders “Bardodaky Linkoln” romany üçin bu baýraga mynasyp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

“Buker” baýragynyň uzyn sanawy
“Arap Bukeriniň” eýesi
“The Guardian”: iň gowy 100 kitap
“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy
Dawid Diop — Buker baýragynyň eýesi
Çarwadarlaryň Oskary