Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi

2024-nji ýylyň “Buker” baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi. Şu ýylky abraýly baýraga hödürlenen 156 kitabyň 13-si sanawda orun aldy.Bu möwsümdäki Buker baýragyna dalaşgärleriň ýarysyna golaýy geçen ýyllardaky gatnaşyjylardan ybarat boldy.

Olaryň arasynda 20-den gowrak romanyň awtory bar.Mysal üçin Persiwal Ewerett 2022-nji ýylda “Agaçlar” romany üçin gysga sanawa girizilipdi.Reýçel Kuşner (“Mars otagy”) we Riçard Pauers (The Overstory) ýaly awtorlar bolsa, Anna Bуrnsiň “süýt satyjysyndan” asgyn gelip, 2018-nji ýylda gysga sanawa girizilipdi.

“Sürgün, göçe-göçlük, şahsyýet – 2024-nji ýylyň uzyn sanawyndaky birnäçe kitapda esasy orun eýeleýän esasy mowzuklardyr” diýlip baýragyň web saýtynda aýdylýar. Bu ýylky emin agzalaryna ýazyjylar Edmund de Waal we Sara Kollinz, “The Guardian” gazetiniň redaktory Jastin Jordan, professor Li Iýun we kompozitor Nitin Souni ýolbaşçylyk edýär.

Dalaşgärleriň uzyn sanawynda iňlis dilinde neşir edilen 13 kitap bar:

– Kolin Barrett “Ýabany jaýlar” (“Wild Houses”)

– Rita Bullwinkel “Kellä atylan ok” (“Headshot”)

– Persiwal Ewerett “Jeýms”

– Samanta Harwi “Orbital”

– Reýçel Kuşner “Ýaradylan köl” (“Creation Lake”)

Hişam Matar “Meniň dostlarym” (“My Friends”)

– Kler Messud, “Bu geň, waka baý hekaýat” (“This Strange Eventful History”)

– Tommi Orinç “Sergezdan ýyldyzlar” (“Wandering Stars”)

– Anna Maýklz “Saklanýan” (“Held”)

– Sara Perri “Aň-bilim” (“Enlightenment”)

– Riçard Pauers “Oýun meýdançasy” (“Playground”)

– Ýael wan der Wauden “Saklawhana” (“The Safekeep”)

– Şarlot Wud “Daş howludaky ruhy oýlanmalar” (“Stone Yard Devotional”)

Buker baýragyna dalaşgärleriň altysynyň gysga sanawy 16-njy sentýabrda yglan ediler. Gysga sanawa giren her bir ýazyjy 2500 funt we öz kitabynyň ýörite neşirini alar. Baýragyň ýeňijisi 12-nji noýabrda Londonda geçiriljek dabarada we agşamlyk naharynda mälim ediler. Ýeňiji 50 müň funt sterling bilen sylaglanar.

Buker baýragy 1968-nji ýylda döredildi. 2014-nji ýyldan başlap, bu baýraga kitaplary Birleşen Korollykda neşir edilen iňlis dilli islendik ýazyjy ýüz tutup bilýär. Ondan öň bu baýrak diňe Angliýanyň, Irlandiýanyň we Britan Arkalaşygynyň awtorlary üçin elýeterlidi.

Ýene degişli makalalar

Buker baýragyna mynasyp boldy
“Buker” baýragynyň uzyn sanawy
“Arap Bukeriniň” eýesi
Halkara “Buker”-iň gysga sanawy
“Buker”-iň uzyn sanawy yglan edildi
“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy