2023-nji ýylyň Buker baýragynyň uzyn sanawy çap edildi. Şu ýyl abraýly baýraga hödürlenen 163 kitabyň 13-si uzyn sanawa girip, olaryň dördüsi ilkinji gezek gatnaşýar. Umuman, sanawda dört yklymyň ýedi ýurdundan ýazyjylar bar. Olaryň dördüsi irlandiýaly bolup, ilkinji gezek uzyn sanawyň üçden birini eýeleýär.
-13 romanyň hemmesi biziň döwrümizde ýaşamagyň nämäni aňladýandygyny düşündirýär we ony özboluşly we tolgundyryjy görnüşde beýan edýär.Olaryň gerimi mowzuk babatda-da, görnüş babatda-da giňdir: olar bizi haýran galdyrýar, güldürýär, gaýgylandyrýar, ýöne şol bir wagtyň özünde-de biziň hemramyz bolup galýar.
Romanlar – bularyň her biri dilimizi baýlaşdyrmaga, paýhaslandyrmaga tagalla edýän ruhy güýçlerdir.Bu eserler isle taryhy bolsun, isle-de döwrebap, olar şu günki günüň ajaýyp manzaryny hödürleýärler diýip, uzyn sanawyň emin agzalarynyň başlygy Esi Edugýan belleýär.
Sanawa girizilen eserler aşakdakylardan ybarat:
“The House of Doors” (Gapylaryň öýi). “The Bee Sting” (Ary neşderi). “Western Lane” (Günbatara ýol). “In Ascension” (Galkynma). “Prophet Song” (Pygamberiň aýdymy). “All the Little Bird-Hearts”, (Kiçijik guş ýürekleri). “Pearl”, (Dür). “This Other Eden”, (Bu beýleki erem”. “How to Build a Boat”, (Gämini nädip gurmaly). “If I Survive You”, (Eger-de men seni halas etsem). “Study for Obedience”, (Tabynlyk üçin okuw). “Old God’s Time”, (Garry Taňrynyň wagty) we “A Spell of Good Things” (Gowy zatlaryň owsuny).
Gysga sanaw 21-nji sentýabrda mälim ediler. Ýeňiji 50 müň funt baýraga eýe bolar.
Buker baýragy 1968-nji ýylda döredildi. Oňa 2014-nji ýyldan başlap, Beýik Britaniýada kitaplary neşir edilen islendik iňlis dilli ýazyjy dalaşgärlik edip bilýär. Ondan öň bu baýragy diňe Beýik Britaniýanyň, Irlandiýanyň we Britan Arkalaşygynyň awtorlary alyp bilýärdi.