2024-nji ýylyň Buker baýragyna “Orbitada” (Orbital) romanynyň awtory, 49 ýaşly britaniýaly ýazyjy Samanta Harwi mynasyp boldy.Kitapda Halkara kosmos stansiýasyndaky (HKS) astronawtlaryň durmuşy barada gürrüň berlip, ABŞ-dan, Russiýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan we Beýik Britaniýadan alty kosmonawtyň möhüm işleri berjaý edişleri we Ýer togalagyny uzakdan görüşleri suratlandyrylýar.
Londonda geçirilen dabarada çykyş eden emin agzalarynyň başlygy britaniýaly ýazyjy we suratkeş Edmund de Waal bu göwrümli eseriň emin agzalarynyň göwnünden turandygyny aýtdy.Samanta Harwi 2019-njy ýyldan bäri bu baýraga mynasyp görlen ilkinji zenan, onuň “Orbitada” romany bolsa, Beýik Britaniýada gysga sanawdan iň köp satylan kitap hem-de wakalary kosmosda bolup geçýän ilkinji ýeňiji kitap boldy.
Roman bu baýragyň taryhynda iň gysga roman bolup, bary-ýogy 136 sahypadan ybarat. “Mazmun taýdan ajaýyp roman bizi Ýeriň gözelligine syn etmäge, şol bir wagtyň özünde adam ömrüniň şahsy we toparlaýyn gymmatlygy barada oýlanmaga mejbur edýär” diýlip, baýragyň beýanatynda bellenilýär.
Samanta Harwiden başga-da, şu ýyl baýrak ugrunda amerikaly ýazyjy Reýçel Kuşner “Ýaradylyş köli”, (Creation Lake), niderlandly-ysraýylly ýazyjy Ýael wan der Wuden “Saklawhana” (The Safekeep), kanadaly ýazyjy Enn Maýkls “Saklanýan” (Held), awstraliýaly Şarlott Wud “Daş howludaky ruhy oýlanmalar” (Stone Yard Devotional), amerikaly ýazyjy Persiwalýa Eweretta (“James”) göreşdi.
Gysga sanawdaky awtorlaryň her biri 2500 funt sterling, ýeňiji bolsa 50 müň funt sterling aldy.Geçen ýyl baýraga “Pygamberiň aýdymy” (“Prophet Song”) romany üçin irlandiýaly Pol Linç mynasyp boldy.
Buker baýragy 1968-nji ýylda döredildi. 2014-nji ýyldan başlap, bu baýraga kitaplary Birleşen Korollykda neşir edilen iňlis dilli islendik ýazyjy ýüz tutup bilýär.Ondan öň bu baýrak diňe Angliýanyň, Irlandiýanyň we Britan Arkalaşygynyň awtorlary üçin elýeterlidi. /* custom css */ .td_uid_15_67388b964b034_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67388b964b034_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }