Buharadaky festiwala müň tonnadan gowrak gawun-garpyz getirildi

Buharadaky festiwala müň tonnadan gowrak gawun-garpyz getirildi

Özbegistanyň Buhara şäherinde Gawun baýramy atly her ýyl geçirilýän festiwal dowam edýär. Baýramçylyk Abu Ali ibn Sina seýilgähinde guraldy diýip, ýurduň Oba hojalyk ministrligine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Baýramçylyk 26-njy gezek geçýär. Oňa Buhara oblastynyň ähli sebitlerinden daýhanlaryň 376 sanysy gatnaşýar, olar festiwala gawun-garpyzyň 1335 tonnasyny getirdiler.

Çäräniň çäklerinde Respublikanyň agro-jahankeşdelik mümkinçilikleri görkezilýär, halk oýunlarydyr konsertler guralýar.

Şu gün 8-nji awgustda festiwalyň ýapylyşynda oňa gatnaşyjylara oblastyň ýolbaşçylary tarapyndan ýörite baýraklar gowşurylar.

Geçen ýyl festiwal Döwlet taryhy-binagärlik muzeý-goraghanasynyň çäginde geçirilip, gawunyň 30 sorty sergilendi diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Şirin-şeker datly gawun
Şirin-şeker datly gawun
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
Onlaýn krossword №2
Lukmanlar miwe iýmek üçin iň amatly wagty aýtdylar