Buharada Türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi

Buharada Türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasyna görä, şu gün Buharanyň ýaşlar merkezinde birinji Türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron goşundysy habar berdi.

Forum öz işine başlamazdan ozal, oňa gatnaşyjylar merkeziň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan türkmen we özbek halklarynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisine aýlanyp gördüler.

Resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, 1+5 formatda türkmen we özbek wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Ikitaraplaýyn duşuşyklar tamamlanandan soňra merkeziň uly mejlisler zalynda birinji Türkmen-özbek sebitara forumy öz işine başlady.Forumyň başynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýum syýasaty we söwda ministri Sardor Umurzakow çykyş etdi.

Ministr öz çykyşynda türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgusyndan paýhasly jümläni mysal getirip, iki ýurduň taryhyň ähli döwründe hem bir-birek bilen dostlukly gatnaşyklary dowam etdirip gelendigini belledi. Şeýle-de özbek-türkmen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, hususan-da, şu babatda iki ýurduň işewürleriniň, serhetýaka sebitleriniň arasyndaky özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygy ýol goýmak babatda öz pikirlerini beýan etdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlary, degişlilikde, Özbegistanyň Buhara we Horezm welaýatlary bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýar.Bu gatnaşyklar, aýratyn-da, oba hojalygy pudagynda işjeň ýola goýulýar.

Iki doganlyk ýurduň goňşy welaýatlarynyň arasynda Lebap — Buhara we Daşoguz — Horezm türkmen-özbek söwda zolaklaryny döretmek meseleleri hem öwrenilýär.

Forumda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy wise-premýer B.Atdaýew çykyş edip, häzirki döwürde Türkmenistanyň we Özbegistanyň hormatly Prezidentleri tarapyndan köpugurly, özara bähbitli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda uly işleriň bitirilýändigini, munuň iki halkyň arasyndaky dostana gatnaşyklary has-da berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle-de ol bu gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde şu günki forumyň ornuna we onuň jemleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

Forumyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara oblastynyň häkimi Botir Zaripow, Horezm oblastynyň häkimi Farhod Ermanow, şeýle-de Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda oba hojalygy, söwda pudaklarynda uzak ýyllardan bäri ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeleri we bu ugurlardaky gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň bar bolan mümkinçilikleri dogrusynda bellediler.

Forumyň ahyrynda türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşygyny, strategik hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarýan iki ýurduň belent mertebeli Prezidentleriniň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan Farap-Alat barlag nokadyny wagtlaýyn ýapdy
Serhet çäklerini kesgitlemek boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek iş toparynyň duşuşygy geçirildi
Türkmen-özbek serhetlerini kesgitlemek boýunça gepleşikler geçirildi
Gelip men Hywadan ýörüp
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ilkinji nobatda özara gelim-gidim ýeňilleşdirilmeli synçy, telekeçi
Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar