Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasynyň lýuks awtomobil klasyna degişli bolan Bugatti brendini satjakdygy mälim edildi. Bu barada Angliýanyň Financial Times neşiri habar berýär. Habara görä, Bugatti Horwatiýanyň Rimac Automobili kompaniýasyna satylar. Neşirde Rimac-yň Volkswagen bilen bilelikde dörediljek Bugatti-Rimac-yň 55 göterim paýnamasyna eýe boljakdygy we galan böleginiň Volkswagen-iň Porsche kompaniýasyna degişli boljakdygy habar beriýär.
Bu barada Rimac-yň ýolbaşçysy Meýt Rimak: Rimac we Bugatti netijeleri babatda ajaýyp jübüt. Ýaş, çalasyn we çakgan awtoulag hem-de tehnologiýa kompaniýasy hökmünde elektroulag tehnologiýalarynda özümizi öňdebaryjy orunda görýäris. Nevera atly ulagymyzda diňe giperulaglar öndürmeýändigimizi, ýokary tizligi bolmagy bilen bir hatarda ýokary hilli ulag öndürýändigimizi görkezdik. Bugatti-niň hem adatdan daşary mirasy bar diýip belleýär.
Hezretguly AMANOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.