Bugatti logotipini täzeledi

Bugatti logotipini täzeledi

Bugatti logotipini täzeleýändigini mälim etdi. Markanyň nyşany öňküsi ýaly ony esaslandyran Ettore Bugattiniň adyny we familiýasyny alamatlandyrýan E we B harplarynyň birleşigi görnüşinde bolar. Emma indi olar ikölçegli bezegde ýerine ýetiriler (owal harplar "tekiz" däl-de, "güberçekdi"). Onsoňam birazajyk şriftleri üýtgär.

Golaýda Bugattiniň bahasy 3,5 mln ýewrolyk Chiron Super Sport 300+ giperkaryny öndürmegi tamamlangyny belläliň.Kuwwaty 1600 at güýjüne deň bolan W16 hereketlendirijisine daýanyp, ulag 490 km/sag-a çenli badyny artdyryp bilýär.

Onsoňam, Chiron modeliniň asyry hem ahyrlap barýar: şu ýyl müşderiler soňky ulaglary alsalar gerek.Eýýäm 2024-nji ýylda Bugatti Rimac kompaniýasy bilen bilelikde dörediljek garnuw motorly düýbünden täze giperkary hödürlär.

Ýene degişli makalalar

Neýmar 43 million funt sterlinge öý satyn aldy
“Volkswagen”-iň işi ilerleýär
“Touareg” Ygtybarly ulag
Halkara awtoulag sergisi: ýokary tizlikli elektrokarlar
Maşynlar barada gyzykly maglumatlar
Peýdasy 9,6 milliard ýewro