Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) iň gowy derwezebanlarynyň reýtingini yglan etdi. Janluiji Buffon XXI asyryň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi. Bu barada championat.com habar berdi.
XXI asyryň umumy reýtingi 2001-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli her ýylky reýtingleriň jemi esasynda düzüldi. Sanawda iň gowy 20 derwezeban bar. Şeýlelik bilen, ýyllyk reýtingde birinji orny eýelän derwezebana 20 bal, ikinjä - 19 bal, olardan soňkulara hem şol tertipde bal berildi. Sanawy siziň dykgatyňyza hödürleýäris.
1.Janluiji Buffon ("Ýuwentus", Italiýa) - 330 bal. 2.Iker Kasilýas (öň-"Real", Ispaniýa) - 244. 3.Petr Çeh (öň-"Çelsi", Çehiýa) - 218. 4.Manuel Noýer ("Bawariýa", Germaniýa) - 183. 5.
Tibo Kurtua ("Real", Belgiýa) - 130. 6.Wiktor Waldez (öň-"Barselona", Ispaniýa) - 113. 7.Ugo Lýoris ("Tottenhem", Fransiýa) - 106. 8.Edwin wan der Sar (öň-"Mançester Ýunaýted", Gollandiýa) - 105. 9.
Oliwer Kan (öň-"Bawariýa", Germaniýa) - 99. 10.Keýlor Nawas ("PSŽ", Kosta-Rika) - 93. 11.Dida (öň-"Milan", Braziliýa) - 90. 12. Ýan Oblak ("Atletiko", Sloweniýa) - 85. 13.Mark-Andre Ter Ştegen ("Barselona", Germaniýa) - 78. 14. "Dawid de Hea (" Mançester Ýunaýted", Ispaniýa) - 75. 15. Ýens Leman (öň-"Arsenal", Germaniýa) - 72. 16.
Roberto Abbondansieri (öň-"Boka Huniors", Argentina) - 68. 17.Alisson ("Liwerpul", Braziliýa) - 64. 18. Žulio Sezar (öň-"Inter", Braziliýa) - 63. 19.Fabýen Bartez (öň-"Mançester Ýunaýted", Fransiýa) - 55. 20.
Hose Reina ("Lazio", Ispaniýa) - 54.