Bütindünýä sport žurnalistleriniň güni

Her ýylyň 2-nji iýulynda dünýäniň köp ýurdunda Bütindünýä sport žurnalistleriniň güni (World Sports Journalists Day) bellenilip geçilýär.Bu sene 1995-nji ýylda Sport metbugatynyň halkara assosasiýasynyň (International Sports Press Association, AIPS) başlangyjy bilen döredilýär.

Sport metbugatynyň halkara assosasiýasynyň hem 1924-nji ýylyň 2-nji iýulynda Parižde esaslandyrylýar.Bu assosasiýa dünýäniň 130 ýurdundan 160 milli žurnalistler bileleşigi agza bolup durýar.

Sport diňe adamyň berk bedenli bolmagyna täsir etmän, eýsem, bu ugurda geçirilýän bäsleşikler adamlaryň we halklaryň arasyndaky jebisligi berkidýän güýç bolup hyzmat edýär. Geçirilýän sport ýaryşlary barada täzelikleri wagtynda tomaşaçylara, diňleýjilere ýa-da okyjylary ýetirmek we olara syn bermekde bolsa sport žurnalistleriniň bitirýän hyzmaty uludyr.

Ýene degişli makalalar

11 deňiz jandaryna at dakyldy
Saud Arabystany 35 milliard dollara Boeing uçarlaryny satyn almakçy
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Süýtli kofe gara kofeden peýdaly diýlip ykrar edildi
Eýranda ýertitremede 600-a golaý adam ejir çekdi
Sazyň peýdasy