Her ýylyň 25-nji aprelinde Bütindünýä pingwinler güni BMG tarapyndan kabul edilen karar esasynda bellenilýär. Bu baýram dünýä jemgyýetçiligini haýwanat dünýäsiniň köpdürliligini gorap saklamagyň zerurlygyna düşünmäge çagyrýar.
Günorta ýarym şaryň sebitleriniň özboluşly faunasynyň täsin görnüşi bolan pingwinler adaty bolmadyk guşlar bolup, olar sebitiň tebigy köpdürliliginde möhüm rol oýnaýar.Bu ajaýyp guş Antarktidanyň özboluşly nyşanydyr.
Pingwinler uçuşa ukypsyz bolan guşlar bolup, olaryň 18-den gowrak görnüşi bar.Iň ulusy imperator pingwini bolup, agramy 40-55 kg, boýy 120 sm deň.Görnüşleriniň iň kiçisiniň boýy bolsa onçakly uly bolman, agramy-da 2,5-3 kg deňdir.
Häzirki wagtda pingwinleriň ýaşaýan ýerleriniň köp bölegi bolan adalarda we kenarýaka kontinental zolaklarda adamyň işjeňligi zerarly sanynyň azalmagy duýulýar.Hut şu meseleler hem halkara guramalarynyň we degişli edaralaryň ünsüni özüne çekmek bilen, ol ekologiýa meselesi hökmünde tutuş adamzady gyzyklandyrýar.
Däp bolşy ýaly, bu güne bagyşlanan çäreler ençeme ýurtda, degişli guramalarda geçirilýär. Şeýle hem ussatlyk sapaklary, pingwinler baradaky dokumental kinofilmler, sergiler bu günüň üstüni ýetirýär.
Oguljeren Hudaýnazarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby