Bütindünýä ilat güni: sanlar we maglumatlar

1989-njy ýyldan bäri, her ýylyň 11-nji iýulynda Bütindünýä ilat güni bellenilýär. Bu sene 1987-nji ýylyň 11-nji iýulynda dünýä ilatynyň 5 milliarda ýetmegi bilen baglydyr. Bu sene gender deňligi, garyplyk, enäniň saglygy we adam hukuklary barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen döredildi.

Maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäniň iň köp ilatly döwleti Hindistan bolup, ýurtda 1 milliard 428 million 627 müň 663 adam ýaşaýar. 2022-nji ýyla çenli bu ugurda birinji bolup gelen Hytaýyň bolsa, 1 milliard 425 million 671 müň 352 ilaty bar.

Dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurdy bolan ABŞ-da 340 milliona golaý ilat ýaşaýar.Bu 3 ýurt dünýä ilatynyň 39,7 göterimini emele getirýär.Niger we Merkezi Afrika Respublikasy ilat sanyna görä iň köp çaganyň bar ýurtlary bolupdyr.

Bu ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň 55,5 göterimi 18 ýaşyndan kiçi.Bu ugurda Afrika ýurtlary öňdeligi eýeleýär. Çad bilen Malide hem çagalar ilatyň 54 göteriminden köp bölegini düzýär.Koreýa Respublikasy bolsa iň az çagaly ýurt bolupdyr. Ýurduň ilatynyň 13,9 göterimini 0-17 ýaş aralygyndaky topar emele getirýär.

Bu görkeziji Ýaponiýada 14,1, Singapurda 14,2 göterim.Dünýä ýurtlarynda bolsa, ilatyň 29,8 göterimi çagalardyr. Ýewropa ýurtlarynda bolsa, iň köp çagaly ýurt 23,3 göterim bilen Irlandiýa bolupdyr.

Iň az çagaly ýurt bolsa Italiýa (15,1 göterim) bolupdyr.

Umumy ilatyň arasynda ýetginjekleri emele getirýän 15-24 ýaş aralygynda ýaşaýjy sany boýunça Siriýa birinji bolupdyr. Ýurduň ilatynyň 24,1 göterimi bu ýaş aralygyna degişli. Sanawyň soňky basgançagynda 6,8 göterim bilen Ukraina eýeläpdir.

Ýurduň ýaşaýjylarynyň arasynda 65 ýaşdan ýokarylary emele getirýän ýaşuly nesliň görkezijisi babatda Monako birinji ýeri eýeleýär. Ýurduň ilatynyň 35,8 göterimi 65 ýaşdan uly. Bu görkeziji Ýaponiýada 30,1, Italiýada 24,5 göterime. Ýaşuly ilatyň iň az ýurdy Katar (1,6%) bolupdyr.

Çaga dogluşy babatda Niger 6,67 çaga bilen birinji boldy. Bu görkeziji bir zenanyň ömrüniň dowamynda dünýä inderýän çagasynyň sanyny aňladýar. Bu sanawyň iň soňky basgançagynda 0,88 çaga bilen Koreýa Respublikasy bar. Dünýäde ortaça görkeziji bolsa, 2,31 çaga bolupdyr.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada, Boko Harama Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Ýer Titremesinden Soň Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýaşaýyş Jaýlaryny we Şäherlerimizi Täzeden Gurarys”
Germaniýaly ministrler Kahramanmaraş welaýatynda saparda bolýarlar
Bangladeşde Bolan Ýangynda 2 Müň Çadyr Ýandy