Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bütindünýä gümrük guramasynyň Geňeşiniň 141-nji/142-nji mejlislerine gatnaşdy. Çäreler Guramanyň Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşen ştab-kwartirasynda geçirildi.
Bütindünýä gümrük guramasynyň Geňeşi bu Guramanyň iň ýokary karar çykaryjy edarasy bolup, ol öz mejlislerini her ýyl geçirýär. Mejlislerde agza döwletleriň gümrük edaralary tarapyndan ulanylmagy üçin degişli çözgütler kabul edilýär. 2023-nji ýylyň mejlisinde Guramanyň Baş sekretarynyň hem-de Geňeşiň başlyklygyna dalaşgärleriň saýlawy geçirildi.
Geçirilen saýlawyň netijeleri boýunça Guramanyň täze Baş sekretary hökmünde ABŞ-dan jenap Ýan Sanders we Geňeşiniň başlygy wezipesine Günorta Afrikanyň girdejiler gullugynyň komissary jenap Edward Kiswetter saýlandy.
Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalylygyna 1993-nji ýylda kabul edildi. Häzirki wagtda 185 döwlet onuň agzasy bolup durýar. Bu döwletleriň dörtden üç bölegi dünýä söwdasynyň 98%-den gowragyny amala aşyrýar.
Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky birnäçe ýylyň dowamynda ösýän häsiýete eýedir. 2021-nji we 2023-nji ýyllarda Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň iki sany halkara konwensiýalarynyň agzalylygyna kabul edildi.