Her ýylyň 14-nji maýy göçegçi guşlaryň güni hökmünde bellenilýär.Paslyň çalyşmagy bilen göçüp gidýän guşlar ekoulgamyň deňagramlylygyny saklamaga uly goşant goşýarlar.Mysal üçin, ösümlikleriň käbir görnüşi diňe guşlaryň hereketi netijesinde tozgalanýar hem tohumlaýar.
Guşlaryň göçmekligi adaty biologik hadysa bolup, olar bu babatda biologik sagatlardan ugur alýarlar.Ylmy maglumatlara görä, her ýyl guşlaryň 1800 töweregi görnüşi göçüp gidýär we olara global ýylylyk, ýaşaýyş ýerleriniň artmagy, howanyň üýtgemegi ýaly hadysalar täsir edýär.
Bu günüň döredilmeginiň esasy maksady guşlaryň göçýän döwürleri we ýaşaýan, gyşlaýan ýerleri baradaky ylmy maglumatlary, ekologik bilimleri baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle-de göçüp gidýän guşlaryň ekoulgamdaky ornuny dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmekde hem-de olary aýawly, gorap saklamakda halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň möhümdigi dogrusynda habarly etmäge ýardam edýän netijeli görkezijidir.
Bu möhüm sene 2018-nji ýyldan bäri halkara derejesinde bellenilýär hem-de ol BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň bir bölegi bolmak bilen, bu ugurda ýüze çykýan meseleleri diňe ýurtlaryň, sebitleriň bilelikdäki tagallalary bilen çözmek mümkin, sebäbi göçüp gidýän guşlar ençeme sebitlerde düşlemek bilen, şol döwür olaryň goraglylygyny üpjün etmek, aw awlamaklygyň öňüni almak ýaly çäreler möhüm bolup durýar.
Oguljeren Hudaýnazarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby