Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylygy Gaiti döwletine awgust aýyndaky ýertitremesinden soň täze iş orunlarynyň döredilmegi we ykdysadyýetiň dikeldilmegi üçin 75 mln dollaryň berilmegini tassyklady. Bu barada ýerli täzelikler portaly Gazette Haiti habar berýär diýip, TASS belleýär.
Bu serişdeleriň 4 müň kärhana goldaw bermäge, şeýle-de betbagtçylykdan zyýan çeken sebitlerde 10 müňden gowrak iş orunlaryny döretmäge gönükdiriljekdigi bellenilýär.
Gaitidäki sosial-ykdysady ýagdaý 14-nji awgustda respublikanyň günortasynda 7,2 bal ululykda ýertitreme bolup geçenden soň has ýaramazlaşdy. Betbagtçylygyň netijesinde 2,2 müňden gowrak adam ýogaldy, 12,7 müňden gowrak adam zyýan çekdi. Ýertitreme 53 müňden gowrak binanyň doly, 83 müňden gowrak binanyň bolsa bölekleýin ýumrulmagyna getirdi.