Bütindünýä balykçylyk güni

Balyk tutmak adamzadyň iň gowy güýmenjeleriniň biri bolup, tebigatda dynç almaga, rahatlanmaga hem-de wagtyňy gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýär. Megerem, her bir ynsan balyk tutan ilkinji pursatlaryny ýadyndan çykarmaýan bolsa gerek.

1985-nji ýyldan bäri her ýylyň 27-nji iýunynda Bütindünýä balykçylyk güni bellenip gelinýär. Bu baýramçylyk 1984-nji ýylda Rimde geçirilen Balyk hojalygyny kadalaşdyrmak we ösdürmek boýunça konferensiýanyň karary bilen döredilýär.

Balyk tutmak tolgundyryjy pursatlara baý bolup, adamyň höwesini artdyrýar.Balykly güýmenje awçylygyň iň gadymy görnüşleriniň biridir.Taryhy maglumatlara ser salsak, balykçylyk ekerançylykdan we maldarçylykdan has öň ýüze çykypdyr.

Köpler balyk tutmagy iýmit tapmak üçin wagt sarp etmek hasaplaman, eýsem, balykçylyga pelsepe, durmuş ýörelgesi, tebigat bilen gabatlaşylýan pursat hökmünde garaýar.Muňa diňe balyk tutmaga baranyňda göz ýetirip bolýar.

Dünýäde häzirki wagtda sarp edilýän iýmitleriň hatarynda deňiz önümleri öňdäki orny eýeleýär.Esasan, beloga we witaminlere baý bolan balykdyr deňiz jandarlary diriligine, doňdurylan we gaplanan görnüşde eksport edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) hasabatyna görä, häzirki wagtda senagatda işlenilýän balyk mukdary 90 million tonna bolup, onuň 90 göterimi deňizlerden, galan bölegi derýalardan tutulýar.

Balykçylyk pudagy dünýäde 120 milliondan gowrak adamy iş bilen üpjün edýär.

Bütindünýä balykçylyk gününde köp ýurtda balyk tutmak ýaryşlary, okuw sapaklary hem-de tebigata aýawly çemeleşmek barada maslahatlar geçirilýär. Soňky ýyllarda balykçylyk bilen meşgullanýan zenanlaryň köpelmegi belläp geçmeli ýagdaýlaryň biridir. Köp sanly maglumatlarda balyk tutmagyň bedeni güýçlendirýän we şähdiňi açýan iň gowy güýmenjeleriň biridigi bellenilýär.

Sport balykçylygy

Dünýäniň birnäçe ýurdunda möwsümleýin balyk tutmak ýaryşlary geçirilýär. Bu ýaryşlarda balyk tutmaga gatnaşýan türgenleriň tizligi we ugurtapyjylygy synagdan geçirilýär. Sport enjamlary arkaly zeper ýetirmezden tutulan balyklar ýene-de howza goýberilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmen wekiliýeti halkara ýaşlar eko-lagerine gatnaşýar
Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda söwda we maýa goýum pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Türkmenistan bilen Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdy