Bütin dünýäde internet ulgamlarynda näsazlyklar bar

Bütin dünýäde internet ulgamlarynda näsazlyklar bar

Beýik Britaniýanyň möhüm telewideniýe habar kanaly Sky News kanaly anna güni ýaýlym berip bilmedi.

Ýurtdaky saglygy goraýyş ulgamy hem häzirki wagtda işlänok.

Edinburg howa menzilinde bolsa ýolagçylaryň awtomatiki skanerleri ulanyp bilmändikleri we petekleriň el bilen barlanandygy habar berildi.

Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde uçar saparlary wagtlaýyn togtadyldy, Awstraliýanyň Sidneý we Melburn howa menzillerinde amallarda bökdençlikleriň başdan geçirilendigi mälim edildi.

Internet ulgamlaryndaky näsazlyklar Türk howa ýollary kärhanasynada ýaramaz täsir ýetirdi.

THÝ kärhanasynyň metbugat geňeşçisi Ýahýa Üstün sosial media ulgamyndan beren beýanatynda, maglumatlar ulgamynda başdan geçirilen näsazlyklar sebäpli petek we bron amallarynda bökdençlikleriň bolandygyny habar berdi.

Microsoft bolsa hyzmatdaky bökdençliklerden soň "gowşadyjy çäreleriň" görülendigini aýtdy.

Microsoft kärhanasy sosial media platformasy X-den beren beýanatynda, ulanyjylaryň Microsoft 365 gollanmasyny we hyzmatyny ulanyp bilmejekdiklerini aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýemende Eýran Tarapyndan Hemaýat Edilýän Husiler ABŞ-na Degişli Drony Urup Düşürdi
BAE-de yzyly-yzyna partlamalar boldy
YHG AGZA DÖWLETLERIŇ IŞEWÜRLER MASLAHATY
Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi
YHG AGZA DÖWLETLERIŇ IŞEWÜRLER MASLAHATY
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny