Şwesiýanyň dünýä medeniýeti muzeýleri Nigeriýa we Boliwiýa medeni mirasa degişli zatlaryny gaýtaryp bermek barada karara geldi. Bu ýerde gürrüň 1898-nji we 1908-nji ýyllar aralygynda Stokgolmdaky Milli tebigat taryhy muzeýiniň etnografiýa bölüminda goýlan 39 benin bürünji barada barýar.
2021-nji ýylda dünýä medeniýeti muzeýleri bürünç önümleriň gelip çykyşyny öwrenip ugrady we olaryň häzirki Nigeriýadaky Benin şäherinden 1897-nji ýylda getirilendigini anyklady.Dünýä medeniýeti muzeýleriniň maglumatlaryna görä, bürünç önümleri Nigeriýa gaýtarmagyň esasly etiki sebäpleri bar.
Bu beýleki zatlar bilen bir hatarda, obýektleriň dini we medeni ähmiýetine-de degişlidir. “Muzeý dünýäsinde ýerliksiz işlere garşy göreşmek boýunça hökümetiň öz üstüne alan wezipeleri bar.Birwagtlar bikanun getirilen zatlary saklasak, muzeýleriň abraýyna ep-esli derejede şek ýeter diýip, dünýä medeniýeti muzeýleriniň Afrika bölüminiň başlygy Maýkl Barrett aýtdy.
Nigeriýa öz ýurduna degişli zatlaryň yzyna gaýtarylmagyny XIX asyryň ahyryndan bäri talap edip gelýär we Beýik Britaniýa we Germaniýa ýaly birnäçe ýurt soňky ýyllarda bu islegi kanagatlandyrdy. Hatda indi Nino Korinanyň kolleksiýasyny Boliwiýanyň ýerli ilaty bolan kalawaýa-da gaýtaryp bolar.