Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular

Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy maksatnamasynyň çäklerinde Los-Anjeles şäherindäki Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine ikinji iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň jemleri boýunça iki muzeýiň hünärmenleriniň duşuşygy guralyp, onda gazanylan netijeler beýan edildi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň ýanwarynda Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy maksatnamasynyň çäklerinde yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolan taslamada Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri iş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelipdiler.

Sapar gorap saklamak, dikeltmek üçin Gadymy Merwden tapylan Buddanyň heýkeliniň kelle bölegi bilen ýakyndan tanyşmagy, ony surata düşürmegi we bar bolan maglumatlary öwrenmegi maksat edindi.

1960 — 1978-nji ýyllarda akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygyndaky Günorta Türkmenistan arheologik-toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilýär.Arheologlar Gäwürgalanyň (Gadymy Merw) töwereginde buddaçylyk medeniýetine degişli iki sany täsin ýadygärligiň — ybadathananyň we şäheriň gündogar böleginde ýerleşen stupanyň (ýarym togalak görnüşli dini bina) üstünden barýarlar.

Ybadathananyň haýsy döwürde gurlandygy barada alymlar dürli pikirleri öňe sürýärler.Onuň III-IV asyrlarda bina edilendigi hakyndaky pikir hakykata has ýakyn görünýär.Ybadathana VI asyrda terk edilipdir, oňa bu ýerde tapylan, Sasanylar döwletine degişli şaýy pullar şaýatlyk edýär.

Stupa IV asyrda Sasanylar zamanynda pagsadan gurlan we diametri 10 metrden gowrak, ýarym togalak şekilli belent minara çalym edýän desga bolupdyr.Ol 14х13 metr ululykda, 3,5 metr belentligi bolan hem-de öňe çykyp duran, pagsadan ýasalan basgançakly beýikligiň üstünde ýerleşdirilipdir.

Basgançagyň iki tarapynda inedördül esaslara daýanýan sütünler bar eken.Toplumyň düzümine girýän çägiň günortasynda belent jaý hem bolupdyr.Muzeýiň sergi bölüminde stupanyň gaýtadan dikeldilen kiçiräk görnüşi dioramada ýerleşdirilendir.

Stupada gazuw-agtaryş işleri geçirilende, III — V asyrlar aralygy bilen senelenýän, ululygy 75 sm deň bolan Buddanyň heýkeliniň kelle bölekleriniň üsti açylýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, ol Buddanyň heýkeliniň ilkinjilerinden biridir. Muzeýde buddaçylyk medeniýetine degişli bolan başga-da birnäçe heýkelleriň we olaryň bölekleriniň saklanýandygyny belläp geçmek gerek.

Buddanyň çig toýundan ýasalan heýkeliniň kellesiniň käbir bölekleri saklanyp galypdyr. 1990-njy ýyllarda arheologlar, tapyndynyň böleklerini gorap saklamak maksady bilen, berkitme işlerini geçiripdirler.Heýkeliň ýukajyk toýun gatlagynyň üsti hasa arkaly örtülip, ýelim garylan suwuklyk bilen doldurylyp berkidilipdir.

Onda boýag gatlagynyň galyndylary hem saklanyp galypdyr.Ilkibaşda heýkel açyk gyzyl reňkde bolup, soňra oňa sary we goňrumtyl gyzyl reňk çalnypdyr.Güberçek şekilinde sünnälenip ýasalan buýra saçlary gök reňke boýalypdyr.

Getti muzeýiniň gadymy taryhy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň baş konserwatory we müdiri, professor Sýuzanna Gýanzigiň, konserwator Fabio Kolombonyň, arheologiýa hem-de medeni miras üçin 3D gözleg usullary we tehnologiýalary boýunça professor Juzeppe Saleminiň bu gezekki iş saparynyň maksady Buddanyň heýkeliniň kelle böleklerini berkitmek üçin öňki berkidiji garyndylary gyryp aýyrmakdan, şeýle hem 3D görnüşli surata düşürmek we kompýuter programmalarynda öwrenmek işlerini dowam etdirmekden ybaratdyr.

— Biz Buddanyň kellesiniň suratlaryny, surat resminamalaryny we fotogrammetriýasyny öwrendik.Hususan-da, has giňişleýin öwrenmek üçin, kellesinden we ýüzünden ownuk toýun nusgalaryny bellige aldyk.Bu ädimler olaryň häzirki ýagdaýyna düşünmäge we berkitmek üçin 3D modellemek usulyny ulanmaga mümkinçilik berdi.

Heýkeliň ýasalan döwründe onuň nähili ýagdaýda bolandygyny anyk kesgitlemek üçin örän köp iş geçirmeli.Bu iş doly tamamlanýança, şeýle saparlaryň ýene birnäçesini amala aşyrmaly bolar — diýip, hanym S.Gýanzik gürrüň berdi.

Söhbetdeşlikde Fabio Kolombo Buddanyň kelle böleklerine goldaw bermek üçin niýetlenen üç sany goldaw parçalaryny ýasap getirendiklerini aýtdy.Heýkeliň kelle böleklerini getirilen goldaw parçalarynyň içine salyp, öňki konserwasiýada ulanylan örtükleri we doldurgyjy seresaplylyk bilen gyryp aýrandygy, bu işi örän usullylyk bilen ýerine ýetirmek üçin köp wagt sarp edilendigi barada gürrüň berdi.

Juzeppe Salemi, öz gezeginde, bu taslama gatnaşýandygyna örän şatdygyny mälim etmek bilen:

— Bu ýadygärligi 2D we 3D görnüşinde düýpli takyklyk bilen öwrenmäge we resminamalaşdyrmaga kömek etjek gurluşly yşyk we 3D lazer skaneri hem-de beýleki täze tehnologiýalar ulanylýar. Täsin ýadygärligi sergiläp, ony adamlaryň görüp bilmeklerini gazanmak bu taslamanyň netijesi bolar. Beýleki bir mesele heýkeliň kellesiniň 3D görnüşindäki şekilini döretmekdir — diýip gürrüň berdi.

ABŞ-ly hünärmenler muzeýiň ýolbaşçylaryny we rejeleýjilerini gyzyklandyrýan sowallara jogap berip, indiki iş saparyny güýz aýlaryna meýilleşdirýändiklerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Watikandaky ilçisi Rim Papasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
GADYMY JEÝTUN TARYHY ÝADYGÄRLIGINIŇ 3D GÖRNÜŞINDE DIKELDILEN TASLAMASY
Müsürde Rim Döwründen Galan Ybadathana Tapyldy
Саудовская Аравия сняла большинство коронавирусных ограничений в стране
Prezident Erdogan Kipriň Grek bölegine reaksiýa bildirdi
ABŞ-da Ybadathanalara Guralýan Hüjümler Artdy