BUDAPEŞTDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BADALGA ALDY

BUDAPEŞTDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BADALGA ALDY

Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti Budapeşte iberildi.

Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde biziň ýurdumyzyň wekiliýeti 9-11-nji awgust aralygynda Bugaç şäherinde geçiriljek gün we türki halklaryň gadymy däp-dessurlarynyň goralyp saklanmagynyň hem sähraýy çarwa medeniýetleriň gaýtadan dikeldilmeginiň baýramçylygy bolan gurultaý-festiwalyna gatnaşar. Şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligiň açylyş dabarasy bolar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çägeden heýkel ýasamak festiwaly geçirilýär
Taýlandyň Futbol assosiasiýasy Türkmenistanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi teklip edýär
Altyn asyr Nebitçiniň we milli ýygyndymyzyň derwezeçisini düzümine goşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawynyň netijesi 14-nji martda yglan ediler
Zelenskiý: "4 müň 500 rus esger öldürildi" diýdi