Bu krizisiň ady wyjdan krizisi"

Bu krizisiň ady wyjdan krizisi"

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajy, “Biz Gazanyň çar tarapyndan çykýan perýady gazaly doganlarymyz üçin dünýäniň çar tarapyna ýetirmäge mejbur”diýdi.

Stambul Kongres merkezinde geçirlen TRT World Forum 2024-iň açylyş dabarasynda çykyş eden Sobajy, “Şu ýyl TRT World Forumyň temasyny “Ynjyk dünýäde: Krizisleri we özgerlişikleri dolandyrmak” hökmünde saýlap aldyk. Sebäbi tutuş adamzadyň ykbalyny kesgitlejek krizislere garşy uly synagdan geçilýän döwri başdan geçirýäris” diýdi.

Adamzadyň uly krizisi başdan geçirýändigini aýdan Sobajy, “Bu krizisiň ady wyjdan krizisi.Munyň anyk mysaly Gazada gyrgynçylykdyr.Ysraýyl bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam etdirýän gyrgynçylygy bilen 44 müňden gowrak gazalyny öldürdi. 100 müňden gowrak adam ýaralandy.

Gyrgynçylykda ýogalanlaryň 17 müňden gowragy çaga, 2 müňden gowragy bolsa bäbejikdi.Bir zada ünsi çemek isleýärin.Başdan geçirilýän wakalara dymmak bilen syn edýänler gyrgynçylygyň gurbanlarynyň diňe sanlardan ybarat bolmandygyny bilmeli”diýdi.

Günbatarly ýurtlaryň Gazadaky gyrgynçylyga dymmak bilen syn edýändigine ünsi çeken TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajy, “Şol ynsanlaryň gynanjyny, gam-gussasyny görmediksireýän Günbatarly ýurtlar, Gaza meselesinde synagdan geçip bilmedi. Ähliumumy gymmatlyklara sarpa goýmak bilen öwünýänler gyrgynçylygyň şärigi boldular.

Her bir krizisde bolşy ýaly Gazadaky zuluma garşy göreşmek jogapkärçiligini ýene-de Türkiýe öz üstüne aldy.Jenap Prezidentimiz her bir platformada zuluma, gyrgynçylyga garşy durmaga dowam etdi” diýdi.

Sobajy, TRT hökmünde Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda Türkiýäniň dünýäde adalata we hakykata esaslanýan ýaýlymlaryny dowam etdirmek üçin tagalla edýändiklerini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň ünsi ýene-de bir gezek Türkiýä gönükdi
TRT World Forum-2024 Stambulda Geçirler
Baýden we Gaza ABŞ-nyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki kürsülere goldawyny ugrukdyrýan “esasy faktorl
“Next by TRT World Forum 2024” Başlaýar