BTS-iň ýene bir aýdymy ilkinji onlukda

Dünýä belli koreý aýdym-saz topary BTS täze eseri bilen ýene-de “YouTube” platformasynda uly üstünlik gazandy.K-pop toparynyň iňlis aýdymçysy Ed Şiran bilen bilelikde ýerine ýetiren “Permission To Dance” atly eseriniň şekilli aýdymyna ilkinji 24 sagadyň dowamynda 72,3 gezek tomaşa edildi. Şeýlelikde, bu aýdym platformanyň taryhynda ilkinji gününde iň köp tomaşa edilen 10 wideonyň biri boldy. 6-njy ýeri eýelän bu şekilli aýdymdan başga-da BTS-iň beýleki aýdymlary-da ilkinji onlukda bolup, toparyň “Butter” atly aýdymy ýaýlyma goýberilen ilkinji gününde 108,2 gezek tomaşa edildi we 1-nji orny eýeleýär.

Toparyň başga bir dünýä belli aýdymy “Dynamite” 100 million gezek tomaşa bilen 2-nji basgançakda barýar.Toparyň ýene iki aýdymy “Boy with Luv” hem-de “Life Goes On” degişlilikde, 5-nji we 7-nji ýerleri eýeleýär.

Ilkinji onlukda iň köp tomaşa edilen beýleki 5 wideonyň 4-si başga bir koreý k-pop topary “Blackpink”-e degişlidir. Şeýle-de, amerikaly owadan aýdymçy Teýlor Swiftiň “Me!” atly şekilli aýdymy-da iň köp tomaşa edilen wideolaryň arasynda 8-nji orunda barýar.

Ilkinji 24 sagatda “YouTube”-de iň köp tomaşa edilen wideolar”

“Butter” (BTS) 108,2 million

“Dynimite” (BTS) 101,1 million

“How You Like That” (Blackpink) 86,3 million

“Ice Cream” (Blackpink bilen Selena Gomez) 79 million

“Boy with Luv” (BTS feat. Halsey) 74,6 million

“Permission to Dance” (BTS) 72,3 million

“Life Goes On” (BTS) 71,6 million

“Me!” (Teýlor Swift feat. Brendon Urie) 65,2 million

“Lovesick Girls” (Blackpink) 61,4 million

“Kill This Love” (Blackpink) 56,7 million

Ýene degişli makalalar

BTS-iň ýene bir aýdymy ilkinji onlukda
Aşgabatdaky Tudors dükany erkekler üçin ysy durnukly atyrlaryň dürli görnüşlerini tanyşdyrýar
“Çarwadarlaryň mekany” iň gowy drama, “Borat 2” iň gowy komediýa
93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
Çarwadarlaryň Oskary