BSGG ýokanjyň täze ştammyny howply diýip yglan etdi

BSGG ýokanjyň täze ştammyny howply diýip yglan etdi

Reuters habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy golaýda Günorta Afrika Respublikasynda (GAR) ýüze çykarylan COVID-19 ýokanjynyň täze ştammyna howply diýip baha berdi. Gurama täze ştamma grek harpyndan ugur alyp, “omikron” diýip at berdi.

Hünärmenleriň pikirine görä, koronawirusyň täze görnüşi häzir onuň ýaýramagynyň garşysyna göreşýän döwletler üçin howp döredip biler. Şeýle-de BSGG B.1.1.529 wirusy köpsanly mutasiýalardan soňra bedendäki proteiniň derejesine täsir edýär, şeýle özgerişlik öz gezeginde häzirki bar bolan sanjymlaryň täsirliligini gowşadyp biler.

Guramanyň wekilleri omikron nusgasynyň özünden öňki görnüşlere garanyňda, diýseň çalt ýaýraýandygyny belleýärler, muňa GAR-daky ýagdaý güwä geçýär, şonuň üçin ýokanjyň bu görnüşini öwrenmäge tizden-tiz girişilmegi gerek.

Täze görnüş bilen keselliler 24-nji noýabrda GAR-da, Botswanada we Gonkongda hasaba alyndy, soňra Ysraýylda we Belgiýada ýüze çykaryldy.

Häzirki wagtda Ýewropanyň, Aziýanyň ýurtlarynyň köpüsi Afrika yklymynyň döwletleri bilen howa aragatnaşygyny wagtlaýyn togtatmak kararyna geldiler. Şol sanda omikron ştammy bilen baglylykda, Bütindünýä Söwda Guramasynyň hem ministrleriň derejesindäki maslahaty yza süýşürmek hakda çözgüt kabul edendigi habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Botswanada 499 Gramlyk Almaz Tapyldy
“Time” iň gowy 100 ýeriň sanawyny düzdi
Gökdiräniň ululygyndaky asteroid şu gün Ýeriň golaýyndan geçer
Botswanada 1080 karat agramly ak göwher tapyldy
Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy
ÝUNESKO Ahalteke atçylyk sungaty boýunça Türkmenistanyň Hödürnamasyna sereder
Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi