Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça Direktory Hans Kluge guramanyň Türkiýäniň we Siriýanyň demirgazyk-günbatar sebitlerinde agyr ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinden soň iň ýokary dereje bolan “3-nji dereje gyssagly ýagdaý” yglan etdi.
BSGG-nyň 3-nji dereje gyssagly ýagdaýy, guramanyň ähli mümkinçilikleriniň mobilizlenmegi manysyny aňladýar.
BSGG-nyň Ýewropadan jogapkär Direktory Hans Kluge Guramanyň Dolandyryjylar geňeşiniň düýn geçirilen maslahatynda Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeler hakynda maglumat berilendigini nygtap, 3-nji dereje gyssagly ýagdaý yglan edilendigini aýtdy.
Kluge beýanatynda; “Özleri howp astyndadygyna garamazdan halas ediş işlerine gatnaşan Gaziantepdäki ofisimiziň işgärleri bilen ähli gözleg we halas ediş toparlaryna minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.
Kluge BSGG-nyň Ýewropanyň gözleg we halas ediş toparlarynyň Gaziantepde, Ankrada we Stambulda iş alyp barýandyklaryny nygtap; “Adamlary halas etmek üçin möhüm operasiýa başladan türk resmilerine kanagatlanma bildirýärin. Uly arkalaşyk edýän agza ýurtlara sagbolsun aýdýaryn. Halkara jemgyýetçiligi goldawy giňeltmäge, Türkiýäniň hökümeti we BSGG bilen doly utgaşykly işleşmäge çagyrýaryn” diýdi.