BSGG täze ýokanjyň döremek howpy barada duýdurdy

BSGG täze ýokanjyň döremek howpy barada duýdurdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus dünýäde islendik pursatda möwjäp bilen täze ýokanç hakynda duýdurdy. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Ýokançlaryň öňüni almak boýunça ylalaşygyň üstünde iş alyp barýan Hökümetara gepleşik edarasynyň 16-17-nji iýulda Ženewada geçen ýygnagynda çykyş eden Gebreýesus indiki pandemiýanyň islendik pursatda döräp biljekdigini aýtdy. Baş direktor ýokançlaryň öňüni almak boýunça ylalaşygy nesilleriň ylalaşygy hökmünde häsiýetlendirip, edaranyň ony taýýarlamak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Ol bu mesele babatda golaý wagtda ylalaşygyň gazanyljakdygyna umyt bildirdi.

Gebreýesus ähli ýurtlary guş dümewine gözegçiligi güýçlendirmäge çagyrdy, bu kesel ýokuşanlar Kambojada we ABŞ-da hasaba alyndy.

BSGG-niň maglumatlaryna laýyklykda, häzir bütin dünýäde her hepdede COVID-19 ýokanjyndan ortaça 1,7 müň adam gurban bolýar.

Ýene degişli makalalar

THÝ Kamboja döwletine uçar gatnawlaryny başladar
Kamboja bilen syýahatçylyk pudagynda bilelikdäki meýilnamalary taýýarlamak teklip edildi
Türkmenistan we Kamboja syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň ilçisi Kambojanyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
Kambojanyň Patyşasy Hun Seniň ogluny täze Premýer-ministr edip belledi
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi