BSGG-niň wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň ikinji tapgyry SARS-CoV-2-niň tebigy çeşmesini tapmakdan ybarat.Hünärmenler donorlardan we ýiti respirator wirusly ýokanç keseli bolan näsaglardan biomateriallaryň ýygyndylaryny öwrenmegi meýilleşdirýärler belki, olarda pandemiýadan öň peýda bolan täze koronawirusa garşy antibedenjikleri tapmak başardar.
Bu barada Russiýa Federasiýasyndan BSGG-niň toparynyň hünärmeni, Rospotrebnadzoryň Paster adyndaky epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň ylmy barlag institutynyň müdiriniň orunbasary Wladimir Dedkow habar berdi.Muny iz.ru ýetirýär.
Onuň aýtmagyna görä, diňe bir Hytaýdan däl, beýleki ýurtlardan hem biomateriallary gözden geçirmek meýilleşdirilýär.Dedkow SARS-CoV-2-niň ýabany tebigatdan ýok bolup, diňe adamlaryň arasynda galan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.
Ol häzir koronawirusyň haýwanlardan adama geçmeginiň iki görnüşiniň bardygyny ýatlap geçdi. Şeýle-de bolsa, heniz tebigy çeşmäni tapmak başartmady.Hatda ýokanjyň ýarganatlardan ýaýramagy hem şübhelidir.BSGG-niň hünärmenleri 9-njy fewralda geçirilen brifingde Hytaýdaky missiýasynyň birinji tapgyrynyň jemini jemlediler.
Olar bar bolan epidemiologik maglumatlara esaslanyp, Hytaýyň Uhan şäherindäki bazarda koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny kesgitlemegiň mümkin däldigini aýtdylar.