BSGG Omikron Wariantynyň Has Çalt Ýaýraýandygyny Beýan Etdi

BSGG Omikron Wariantynyň Has Çalt Ýaýraýandygyny Beýan Etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze görnüş koronawirusyň “Omikron” wariantynyň has çalt ýaýraýandygyny we “Delta” ýaly Kowid-19-yň beýleki wariantlaryna has agyr hassalyga sebap bolýandygyny görkezýän anyk delilleriň bolmandygyny beýan etdi.

BSGG-dan berilen ýazmaça beýannamada “Omikron” wariantynyň ýüze çykan ýeri bolan Afrika materiginiň günortasyndaky ýurtlara syýahat çäklendirmesiniň girizlmäge başlanmagy tankyt edildi.

Beýannamada; “Sany günsaýyn artýan ýurtlar täze “Omikron” warianty bilen bagly aladalanmalar sebäpli günorta Afrika ýurtlaryna uçuş çäklendirmelerini girizen bolsa, BSGG-na agza ýurtlary ylyma we Halkara saglyk kadalaryna esaslanmaga dowam etmäge çagyrýar” diýilýär.

BSGG syýahat çäklendirmeleriniň Afrika ýurtlarynda gün-güzeran çeşmeleri we üpjünçilik zynjyrlary boýunça ýaramaz netijelere sebäp bolup biljekdigi üçin serhetleriň ýapylmazlygy hakda çagyryş berdi.

“Omikronyň” Delta ýaly beýleki wariantlara görä has ýokanç bolup bolmandygynyň we adamdan adama ýeňillik bilen ýaýramaýandygynyň anyk däldigi hakda nygtalýan beýanatda, şonuň bilen birlikde Afrikanyň günortasyndaky ýurtlarda Kowid-19 testiniň netijesi oňyn çykan adamlaryň sanynyň artýandygyna üns çekilýär.

Beýannamada, onuň “Omikron” sebäplimi ýa-da başga faktorlardan gelip çykýandygyna göz ýetirmek üçin epidemologik barlaglaryň dowam edýändigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda diplomatlaryň arasynda ýaýdan ok atmak bäsleşigi geçirildi
BSGG täze ählumumy pandemiýa barada duýdurdy
Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi
Türkmenistanda doglan lukman BSGG-niň Russiýadaky edarasynyň başlygy boldy
14-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen diplomaty BSGG-niň Baş direktory bilen duşuşdy
BSGG: Ýewropada her gün ýürek-damar kesellerinden 10 müň adam heläk bolýar