BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy

BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy

Oktýabr aýynyň 8 — 10-y aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň birinji toparynyň wekilleriniň Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasyny gözden geçirmek boýunça ýurdumyza sapary boldy.

Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiriniň habar bermegine görä, inçekesele we dermanlaryň ençemesine durnukly inçekesele toplumlaýyn epidemiologik syn geçirmek toparyň esasy maksady boldy.

Toparyň agzalary, şeýle hem inçekesel barada hasaba alyş we hasabat resminamalaryny ýöretmek üçin elektron ulgam bolan Türkmenistanda TB-RRIS maksatnamasyny utgaşdyryjylar bilen duşuşyklar geçirdiler. Wekiller Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň lukmançylyk edaralaryna baryp gördüler.

Ýene degişli makalalar

Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi
BSGG: güýçli ses saglyk üçin zyýanly
BSGG: goh-galmagal adam saglygy üçin howply
BSGG Ýewropada 2000-nji ýyldan bäri çakdanaşa yssy sebäpli pida bolýanlaryň artandygyny habar berdi
BSGG bilen USAID Türkmenistanda inçekesele garşy göreşiň netijeliligine baha berdi
BSGG täze ýokanjyň döremek howpy barada duýdurdy