BSGG koronawirusyň täze ştammy boýunça gyssagly ýygnak çagyrdy

BSGG koronawirusyň täze ştammy boýunça gyssagly ýygnak çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wiruslaryň ewolýusiýasy boýunça Tehniki topary Afrikanyň günortasynda koronawirusyň täze ştammynyň ýüze çykmagyny ara alyp maslahatlaşmak kararyna geldi. Bu barada TASS habar berdi.

Gürrüňi edilýän ştamm koronawirusyň B.1.1.529 görnüşidir.Onuň başlangyç analizi ştammyň köp mutasiýasynyň bardygyny görkezdi.Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň (BSGG) ýörite wekili Deýwid Nabarro bu ýagdaýyň aladalanmaga esas döredýändigini aýtdy, sebäbi öňüni alyş sanjymynyň goragyndan bu wirusyň has gowy geçip bilýän bolmagy ähtimal.

Muny anyklamak üçin ştammy öwrenmegi dowam etmeli. Şunuň bilen baglylykda, käbir ýurtlar eýýäm Günorta Afrika döwletleri bilen howa gatnawyny gadagan etdi ýa-da çäklendirdi.Iň soňky maglumatlara görä, täze ştamm Günorta Afrikada 77 adamda, Botswanada dört adamda ýüze çykaryldy. Şeýle-de Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan hem ilkinji ýokuşma hadysasy barada habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Botswananyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi
Botswanada 1080 karat agramly ak göwher tapyldy
Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy
ÝUNESKO Ahalteke atçylyk sungaty boýunça Türkmenistanyň Hödürnamasyna sereder
ÝUNESKO Ahalteke atçylyk sungaty boýunça Türkmenistanyň Hödürnamasyna sereder
Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi