Koronawirus ýokanjynyň täze EG.5 görnüşi keseliň agyrlyk derejesi babatda çynlakaý üýtgeşmelere getirmedi diýip, Ženewada geçen metbugat brifinginde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hünärmeni Mariýa wan Kerkhowe habar berdi. Ol häzir ýokanjyň dünýäde aýratyn agalyk edýän görnüşiniň hasaba alynmandygyny aýtdy.
Häzirki bar bolan görnüşleriň ählisi kesellemegiň agyr geçmeginiň dürli derejesini döredip biler, hünärmen şeýle-de COVID-19 bilen keselleýänleriň dürli ýurtlarda artýandygyny aýdyp, munuň howsala döredýändigini belledi.
Wan Kerkhowe koronawirus ýokanjyna garşy göreşde öňki bar bolan çäreleriň otaglary ýelejiretmegiň, agyz-burun örtügini dakynmagyň we sanjym almagyň täsirli bolup galýandygyny gowy habar hökmünde häsiýetlendirdi.
Ol COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym almagyň howpsuz hem-de täsirlidigini aýtmak bilen, munuň keseliň agyr geçmeginiň öňüni alýandygyny sözüniň üstüne goşdy.