Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Hindistana koronawirus bilen keselleme ýagdaýynyň artmagyna garşy göreşmäge kömek etmek üçin 2,6 müňden gowrak işgär iberdi. Bu barada interfax.ru habar berýär.
BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesusyň aýtmagyna görä, bu işgärler hindi kärdeşlerine sanjym we gözegçilik wagtynda tehniki maslahat hem-de ýardam bererler.
Hindistanda koronawirus bilen keselleme ýagdaýynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda, kyn epidemiologiki ýagdaý ýüze çykdy. Ýurtda eýýäm yzygider bäşinji gün COVID-19 bilen kesellänleriň rekord ösüşi hasaba alynýar.Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu ýagdaýy “koronawirus tupany” diýip häsiýetlendirdi.
Hindistanda koronawirusyň epidemiki partlamasy koronawirusyň iki mutasiýaly täze görnüşi bilen baglanyşykly bolup biler. Şeýle-de, Hindistanyň käbir ýerlerinde köpçülikleýin çärelere gadaganlyk ýok.Aýratynam, ýurtda Kumbha Mela festiwaly dowam edýär, onuň dowamynda zyýaratçylar Gang derýasynda köpçülikleýin ýuwunýarlar.