Güýji 85 desibelden ýokary bolan sekiz sagat dowam edýän goh-galmagal ýürek-damar we iýmit siňdiriş ulgamynyň işiniň, şeýle-de beýni bilen eşidiş ulgamlarynyň aragatnaşygynyň bozulmak howpuny ýokarlandyrýar.Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) barlaglarynyň netijesi Beýik Britaniýanyň lukmançylyk žurnaly The Lancet-da çap edildi.
Neşiriň ýazmagyna görä, howadaky goh-galmagal eşidişiň kabul edýän çäklerine aralaşmak bilen, saglyk üçin çynlakaý howp döredýär.Netijede, güýçli sesler beýni bilen eşidiş ulgamynyň arasynda näsazlyk döredip, bu ýagdaý eşidişiň doly ýitmegine sebäp bolup biler. Şeýle-de güýçli sesler ýürek-damar we iýmit siňdiriş ulgamlaryna hem çynlakaý howp salýar.
Kähalatlarda güýçli sesler sebäpli uky bozulyp bilýär.Bu ýagdaý nerw ulgamynyň we bedeniň goranyş ukybynyň tapdan düşmegine getirip, kesellere duçar edýär.Alymlar şäherlerde sesleriň derejesini peseltmäge we uky şertlerini gowulandyrmaga aýratyn üns bermäge çagyrýarlar.
Bu ýagdaý bolsa, sesleriň saglyga ýaramaz täsirlerini görnetin azaldar.Ogulsadap DURDYÝEWA, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy. /* custom css */ .td_uid_15_6749af3747cb9_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6749af3747cb9_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }