BSGG goh-galmagalyň adamyň saglygy üçin howp döredýändigini yglan etdi

BSGG goh-galmagalyň adamyň saglygy üçin howp döredýändigini yglan etdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) güýji 85 desibelden ýokary bolan sekiz sagatlyk açyk goh-galmagalyň ýürek-damar we iýmit siňdiriş ulgamynyň işiniň, şeýle-de beýni bilen eşidiş agzalarynyň aragatnaşygynyň bozulmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny yglan etdi. Guramanyň ylmy-barlagçylarynyň işiniň netijesi The Lancet žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, howadaky ses yrgyldylary adamyň eşidişiniň kabul edýän çägine girmek bilen, ýol bererlikli derejede ýokary bolan goh uzak wagtyň dowamynda saglyk üçin çynlakaý howp döredýär. Olar tinnitus— beýni bilen eşidiş ulgamynyň arasynda bozulma döredip, has agyr ýagdaýlarda eşidişiň doly ýitirilmegine getirip biler. BSGG-nip maglumatlaryna görä, Ýewropada her ýedinji adam tinnitusdan ejir çekýär.

Ses hapalanmasy galyberse-de, ýürek-damar we iýmit siňdiriş ulgamlaryna hem howp salýar. Güýçli sesler sebäpli ukynyň bozulmagy strese, nerw ulgamy bilen bagly sökelliklere we immunitetiň tapdan düşmegine eltip biler, öz nobatynda bu ötüşen keselleriň döremegine sebäp bolýar.

Alymlar şäherlerde goh-galmagalyň derejesiniň peseldilmegine we uky üçin şertleriň gowulandyrylmagyna çagyrýarlar, bu saglyga ýaramaz täsiri azaltmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

BSGG: goh-galmagal adam saglygy üçin howply
14-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
11-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
BSGG: güýçli ses saglyk üçin zyýanly
Aşgabatda diplomatlaryň arasynda ýaýdan ok atmak bäsleşigi geçirildi
BSGG täze ählumumy pandemiýa barada duýdurdy