BSGG: goh-galmagal adam saglygy üçin howply

Güýji 85 desibelden ýokary bolan sekiz sagat dowam edýän goh-galmagalyň ýürek-damar we iýmit siňdiriş ulgamynyň işiniň, şeýle-de beýni bilen eşidiş ulgamlarynyň aragatnaşygynyň bozulmak howpuny ýokarlandyrýar.Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) barlaglarynyň netijesi Beýik Britaniýanyň lukmançylyk žurnaly “The Lancet”-da çap edildi.

Neşiriň ýazmagyna görä, howadaky goh-galmagal eşidişiň kabul edýän çäklerine aralaşmak bilen, saglyk üçin çynlakaý howp döredýär.Netije-de, güýçli sesler beýni bilen eşidiş ulgamynyň arasynda näsazlyk döredip, bu ýagdaý eşidişiň doly ýitmegine sebäp bolup biler. Şeýle-de güýçli sesler ýürek-damar we iýmit siňdiriş ulgamlaryna hem çynlakaý howp salýar.

Güýçli sesler sebäpli uky bozulansoň, strese, nerw ulgamynyň we bedeniň goranyş ukybynyň tapdan düşmegine getirip, ötüşen kesellere duçar edip biler.Alymlar şäherlerde sesleriň derejesini peseltmäge we uky şertlerini gowulandyrmaga aýratyn üns bermäge çagyrýarlar.

Bu ýagdaý bolsa, sesleriň saglyga ýaramaz täsirlerini görnetin azaldar. /* custom css */ .td_uid_15_67407472bf882_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67407472bf882_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

BSGG: güýçli ses saglyk üçin zyýanly
Liwandaky Partlamalar Saglygy Goraýyş Ulgamyna Agyr Zeper Ýetirdi
Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi
BSGG täze ählumumy pandemiýa barada duýdurdy
BSGG Ýewropada 2000-nji ýyldan bäri çakdanaşa yssy sebäpli pida bolýanlaryň artandygyny habar berdi
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri BSGG-niň Astanadaky okuwlaryna gatnaşýarlar