BSGG Ebola gyzzyrmasyna garşy iki sany täze serişdäni maslahat berdi

BSGG Ebola gyzzyrmasyna garşy iki sany täze serişdäni maslahat berdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Ebola wirusy bilen ýüze çykan keseli bejermek üçin iki sany täze serişdäni ulanylyş üçin maslahat berdi. Onuň metbugat relizinde bellenilişi ýaly, gürrüň monoklonal antibedenjiklerine esaslanýan mAb114 (Ansuvimab, Ebanga) we REGN-EB3 (Inmazeb) dermanlary barada gidýär diýip, TASS habar berýär.

BSGG Ebolany bejermek boýunça gollanmada ZMapp we Remdesivir serişdelerini bu kesele garşy derman hökmünde ulanmaly däldigini habar berdi.Ebola wirusy ýabany haýwanlardan geçip, soňra adamlaryň arasynda ýaýraýar.Bu keseliň ilkinji alamatlary gyzzyrma, myşsa agyrylary, kellagyry we bokurdagyň agyrmagydyr.

Soňra böwrekleriň we bagryň işiniň bozulmagy, käbir ýagdaýlarda bolsa içki we daşky gan akma ýüze çykýar.Adamyň Ebola wirusy bilen kesellemeginiň ilkinji hadysasy 1976-njy ýylda häzirki KDR-iň çäginde hasaba alyndy.

Kesellänleriň sany boýunça iň uly ýaýraw 2014 2016-njy ýyllarda Günbatar Afrikada Gwineýanyň, Liberiýanyň we Sýerra-Leoneniň çäginde boldy.Onuň pidalarynyň sany 11 müňden geçdi.

Ýene degişli makalalar

BSGG täze ýokanjyň döremek howpy barada duýdurdy
BSGG Ýewropada 2000-nji ýyldan bäri çakdanaşa yssy sebäpli pida bolýanlaryň artandygyny habar berdi
Dünýäde Maýmyn Mamasy Wirusy Ýaýramaga Dowam Edýär
Sergeý Butin Russiýanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary wezipesine bellendi
14-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen diplomaty BSGG-niň Baş direktory bilen duşuşdy
BSGG: Ýewropada her gün ýürek-damar kesellerinden 10 müň adam heläk bolýar