BSGG: dünýäde çilimkeşler azalýar

BSGG: dünýäde çilimkeşler azalýar

Dünýäde çilim çekýänleriň sany azalýar diýip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy habar berdi.

Guramanyň maglumatlaryna görä, häzir dünýäde uly ýaşlylaryň bir milliarddan gowragy temmäkä garaşlydyr.Emma bu 2022-nji ýyldakydan 19 million adam azdyr.Degişli nutukda bellenişine görä, 150 sany ýurtda temmäki önümleriň sarp edilişini azaltmak boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bu ugurda aýratyn hem Braziliýa we Niderlandlar öňdeligi saklaýarlar.Bu ýurtlar soňky 14 ýylda çilimkeşligiň 35 göterim derejede azalmagyny gazandylar. Şol bir wagtda çilimkeşleriň iň köp ýeri Günorta-Gündogar

Aziýadyr, ol ýerde ilatyň üçden bir bölegi çilim çekýär. Ikinji orunda Ýewropa diýip, guramanyň maglumatlaryna salgylanýan 24.kz saýty ýazýar.

Ýene degişli makalalar

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
BSGG Ýewropada 2000-nji ýyldan bäri çakdanaşa yssy sebäpli pida bolýanlaryň artandygyny habar berdi
BSGG täze ählumumy pandemiýa barada duýdurdy
Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň ýörite maslahaty
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri BSGG-niň Astanadaky okuwlaryna gatnaşýarlar