BSGG: "Dünýä täze epidemiýa garşy taýarlykly däl" diýdi

BSGG: "Dünýä täze epidemiýa garşy taýarlykly däl" diýdi

Tedros Adhanom Gebreýesus CNN telewideniýe kanalyna täze görnüş koronawirus tapgyry we ondan soňky etap bilen bagly beýannama berdi.

Kowid-19 epidemiýasynda "wagtynda we açyk" maglumat paýlanşygynda we global koordinasiýada başdan geçirilen wakalaryň häzirki wagtda hem dowam edýändigini aýdan Tedros Adhanom Gebreýesus dünýäniň täze bir epidemiýa taýarlykly bolmandygyny beýan etdi.

Tedros Adhanom Gebreýesus sanjym we derman ýaly epidemiýa garşy ulanylan zatlary we möhüm maglumatlary paýlaşylmagyny ýeňilleşdirmek üin ähli ýurtlara "pandemiýa ylalaşygyna" gol çekmäge çagyryp: "Görüşimiz ýaly ulgamymyzda ýetmezçilikler bar. Bir hadysa bolsa, taýarlykly bolmandygymyz üçin ähli zat bolup biler. Emma biz onuň wagtynda öňüni alyp we şeýlelik bilen zyýany iň az derejä ýetirip bileris" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti derman serişdeleri dolandyrmak boýunça maslahata gatnaşdylar
Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi
BSGG täze ählumumy pandemiýa barada duýdurdy
BSGG-nyň resmi wekili Türkmenistanda saparda bolar
BSGG: planetanyň bir milliarddan gowrak ýaşaýjysy semizlikden ejir çekýär
Gebreýesus Global Pandemiýalara Garşy Göreş Boýunça Möhüm Beýannama Berdi