BSGG COVID-19 ýokanjynyň sebäplerini öwrenmegi dowam etmekçi

BSGG COVID-19 ýokanjynyň sebäplerini öwrenmegi dowam etmekçi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) COVID-19 ýokanjynyň ýüze çykmagynyň sebäplerini öwrenmegini dowam etmekçi, bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan Report neşiri ýazýar.

Bu barada guramanyň baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus täze howply patogenler boýunça hünärmenleriň ylmy-maslahat beriş toparynyň (SAGO) ýygnagynda çykyşynda aýtdy.

Gebreýesus bu barada söz açyp, ýokanjyň ilkinji gezek hasaba alnan ojaklaryny, haýwandan adama geçişini çuň seljermegiň wajypdygyny belledi. Ol şeýle-de BSGG-niň ýokanjyň ýüze çykmagynyň sebäplerini anyklaýança bu işi bes etmejekdigini sözüniň üstüne goşdy. Baş direktor munuň geljekde döräp biläýjek ýokançlaryň öňüni almakda peýdaly boljakdygyny hem aýtdy diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

BSGG Ýewropada 2000-nji ýyldan bäri çakdanaşa yssy sebäpli pida bolýanlaryň artandygyny habar berdi
BSGG täze ýokanjyň döremek howpy barada duýdurdy
Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi
BSGG täze ählumumy pandemiýa barada duýdurdy
BSGG-nyň resmi wekili Türkmenistanda saparda bolar
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
BSGG: dünýäde çilimkeşler azalýar