BSGG-niň koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenýän Täze howply patogenler boýunça ylmy-konsultatiw topary (SAGO) geljek hepdelerde öz işiniň netijelerini mälim eder. Bu barada BSGG-niň ýewropa bölüminiň ýolbaşçysy Hans Klýuge aýtdy diýip, Gazeta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.
Topar koronawirusyň gelip çykyşy baradaky meseleden başga-da, täze patogenleriň ýüze çykyşyny kesgitlemek üçin ýörite ulgamyň üstünde işleýär diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Fewral aýynyň başynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar Hytaý hökümetine geljekde şeýle hadysalaryň öňüni almak maksady bilen pandemiýanyň ýaýramagy bilen bagly derňew işini gaýtadan dikeltmegi sorap hat iberdi. Olar hytaý hökümetiniň ylalaşyksyzlygy we onuň daşary ýurt hökümetlerine hem-de halkara institutlaryna agressiw basyşy sebäpli COVID-19 pandemiýasynyň sebäpleriniň giňişleýin halkara derňewi häzire çenli başlamady diýip hasaplaýarlar.
Mundan öň ABŞ-nyň Kongresiniň wekiller palatasyndan respublikançylar Jeýms Komer we Jim Jordan ýurduň saglygy goraýyş we sosial hyzmatlar ministri Hawýer Beserra hat iberdiler we onda ýurduň ýokanç keseller boýunça baş hünärmeni Entoni Fauçiniň koronawirusyň barlaghana gelip çykyşy baradaky teoriýa bilen baglanyşykly maglumaty gizländigi baradaky pikiri beýan etdiler.