Halkara bilermenler Türkmenistanda inçekesele garşy göreşmek boýunça milli maksatnamasyna toplumlaýyn baha bermek işini tamamladylar. Barlaglar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň başlangyjy esasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hem-de ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) hünärmenleri bilen bilelikde geçirildi.
Bilermenler Aşgabatdaky, Ahal we Mary welaýatlaryndaky saglygy goraýyş edaralarynda bolup, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň hem-de inçekesel bilen kesellemegiň elektron gözegçilik ulgamanyň işini öwrendiler. Bu keseliň öňüni almak, bejermek, bu ugurda pudagara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
BSGG-niň inçekesel boýunça sebit geňeşçisi Askar Ýedilbaýewiň sözlerine görä, toplanan maglumatlar Ýewropa sebitinde tejribe alyşmak üçin peýdalanylar. Baha bermegiň netijeleri 2026 2030-njy ýyllarda inçekeseli dolandyrmak boýunça Türkmenistanyň täze Milli strategik meýilnamasynyň binýadyny emele getirer.
Jemleýji hasabat Türkmenistanda inçekesele garşy göreşmek boýunça çäreleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine we beýleki gyzyklanma bildirýän edaralara tanyşdyrylar.