BSGG: 30 ýylyň içinde dünýäde gipertonikleriň sany tas iki esse artdy

BSGG: 30 ýylyň içinde dünýäde gipertonikleriň sany tas iki esse artdy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habar bermegine görä, dünýäde soňky 30 ýylyň dowamynda arterial gipertenziýaly adamlaryň sany tas iki esse artdy.

Gurama barlaglarynyň netijeleri “The Lancet” lukmançylyk žurnalynda neşir edilen BSGG we Londonyň Imperiýa kolleji tarapyndan geçirilen “gipertoniýanyň ýaýramagy, ony ýüze çykarmak, bejermek we gözegçilik etmek tendensiýalarynyň ilkinji giňişleýin global derňewine” salgylanýar.

Alymlar 184 ýurtdan 30 79 ýaş aralygyndaky 100 milliondan gowrak ýaşaýjynyň ölçenilen gan basyş maglumatlaryny seljerip, 1990-njy ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda arterial gipertenziýaly adamlaryň sany “650 milliondan 1,28 milliarda çenli artdy” diýen netijä geldiler.

BSGG-niň bellemegine görä, gipertoniýa “ýürek, beýni we böwrek keselleriniň howpuny ýokarlandyrýar we dünýäde ölümiň hem-de keseliň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar”.Bu kesel gan basyşyny ölçemek arkaly aňsatlyk bilen kesgitlenýär we ony arzan dermanlaryň kömegi bilen netijeli bejermek bolar.

Häzirki wagtda bu keselden pes we ortaça girdejili ýurtlaryň ýaşaýjylary has köp ejir çekýär, baý döwletlerde gipertonikleriň paýy azaldy. 2019-njy ýylda bu paý Kanadada, Peruda we Şweýsariýada has pes boldy, Dominikan Respublikasynda, Ýamaýkada we Paragwaýda zenanlaryň arasynda, Wengriýada, Paragwaýda we Polşada erkekleriň arasynda has ýokary boldy diýip, TASS belleýär.

Gipertoniýany ýüze çykarmagyň we bejermegiň aňsatdygyna garamazdan, 580 mln töweregi adam bu keseliň bardygyny bilmeýär. 720 mln töweregi adam zerur bejergini almaýar.

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
Amerikan Döwletleri Guramasy Ukrainany goldadylar
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Argentina utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady