Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada resminama gowşuryldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada resminama gowşuryldy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Geňeşiniň Baş sekretariatynyň hukuk gullugyna Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyny tassyklamak barada resminamany gowşurdy. Bu Teswirnama 2024-nji ýylyň 18-nji martynda Brýusselde gol çekildi.

Bu Teswirnama Bolgariýa Respublikasy, Çehiýa Respublikasy, Estoniýa Respublikasy, Horwatiýa Respublikasy, Kipr Respublikasy, Latwiýa Respublikasy, Litwa Respublikasy, Wengriýa, Malta Respublikasy, Polşa Respublikasy, Rumyniýa, Sloweniýa Respublikasy we Slowakiýa Respublikasy ýaly täze ýurtlaryň goşulmagy göz öňünde tutulýar we degişli Teswirnama Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmekde möhüm ädim bolup durýar.

Teswirnamany tassyklamaklyk 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanyldy.

Degişli resminamanyň gowşurylyş dabarasynda ilçi Sapar Palwanow ÝB-niň wekili bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen şertnamalaýyn hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli ädimleri ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Brýusselde Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanyp döredilen wideoýazgynyň görkezilişi boldy
15-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Merkezi Aziýanyň we Karib sebitiniň ýurtlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar
Türkmen diplomaty HÝAG-nyň Baş direktoryna Ynanç hatyny gowşurdy
Türkmen ilçisi Niderlandlaryň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň ilçisi Niderlandlaryň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy