Brýusselde geçirilen brifingde Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde geçirilen brifingde Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynda Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekiliniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifinge Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ylmy-analitika merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.

HHM-niň habar bermegine görä, brifingiň esasy mowzugy Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň startegiýalary,Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň innowasion mümkinçilikleri, şeýle hem, ulag-üstaşyr ösüşleri barada boldy.

Brifingiň dowamynda sebitleýin integrasiýany we özara arabaglanşygy ösdürmek babatynda pikirler öňe sürülip, oňa gatnaşanlaryň arasynda özara pikirler alşyldy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Palwanow gepleşiklere işjeň gatnaşyp, ýurduň ulag pudagynda ýetilen sepgitleri belläp geçdi hem-de sebitara gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem, brifingiň dowamynda Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini beýan edýän çykyşlar we wideolar görkezildi.

Merkezi Aziýanyň esasy ulag merkezi hökmünde Türkmenistanyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Gatnaşanlar şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan gurnamagyň zerurlygy barada umumy netijä geldiler.

Şeýle duşuşyklar, Türkmenistanyň ulag ulgamyna çuňňur düşünmäge ýardam edip, ýurduň ulag pudagynyň bilermenleriniň hem-de wekilleriniň arasynda göni aragatnaşygyň saklanmagyna oňaýly täsir eder.

Ýene degişli makalalar

DIM-DE BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ REZOLÝUSIÝASYNY KABUL ETMEGINE, ŞEÝLE-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ HALKARA SÖWDA HUKUGY BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
HALKARA SYNÇYLAR SAÝLAWLARYŇ KANUNA LAÝYK ÝAGDAÝDA GEÇENDIGINI TASSYKLADYLAR
HALKARA SYNÇYLAR SAÝLAWLARYŇ KANUNA LAÝYK ÝAGDAÝDA GEÇENDIGINI TASSYKLADYLAR
Halkara synçylar saýlawlaryň kanuna laýyk ýagdaýda geçendigini tassykladylar
Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlary
“TÜRKMENISTANY TEMMÄKIDEN AZAT ÝURDA ÖWÜRMEK BOÝUNÇA 2022-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN MILLI MAKSATNAMASYNYŇ” KABUL EDILMEGI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI