
Tanymal kino aktýory Brýus Uillis agyr hassalygy sebäpli kinodaky işini tamamlaýar. Aktýorda lukmanlar demensiýa keselini tapdylar, oňa kino surata düşmek barha kynlaşýar. Bu barada daşary ýurt habar beriş serişdeleri barha köp ýazyp başladylar diýip, “Rambler.ru” habar berýär.
Ertir — 19-njy martda aktýoryň 67 ýaşy dolýar, oňa kinodaky işinde huşunyň barha kütelişmegi päsgel berýär, ol gitdigiçe iş wagty öz aýtmaly sözlerini ýatlatmak üçin suflýorlaryň kömeginden peýdalanmaly bolýar.
Emma muňa garamazdan, aktýor öz kärini ýatdagalyjy keşpler bilen tamamlamak isledi, şu ýyl ol 10 sany iri kino taslamalarda surata düşýär. Ol şundan soň özüniň aktýorlyk käri bilen hemişelik hoşlaşmakçydygyny yglan etdi.