Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşygy milli merkeziniň howandarlygynda Awazada gadymy döwürlerde Hazaryň türkmen kenarynda dörän dünýä medeniýetiniň horeografiýa merjeni bolan küştdepdä bagyşlanan aýdym-sazly tans gözden geçirilişi boldy. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlen şygaryna bagyşlanan etnografiýa bäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinden folklor-tans toparlary gatnaşdylar.
Hazar ýakasynyň açyk asman astyndaky teatrynyň sahnasynda gyzykly çykyşlar boldy. Gözden geçiriliş ýurdumyzyň sebitleriniň ählisiniň birleşen folklor ...