Düýn irden, ýerli wagt bilen sagat 11:00-da Beýik Britaniýada Ýelizaweta II bilen hoşlaşyk matam çäresi geçdi. Umumy 400 müň adam Şa zenanyň hatyrasyna hormat goýmak mümkinçiligine eýe boldy. Bu barada MIR 24 ýazýar.
Londonyň Westiminder abbatlygynda kilise doga okamak gullugy geçdi, ondan soňra bir minutlyk umumymilli dymyşlyk yglan edildi.
Bir minutlyk dymyşlyk yglan edilende, Big-Beniň sagatlary zaňyny nämüçindir, urmady, köçelerdedir öýleriň ýanynda duran adamlar alasarmyk ýagdaýa düşdüler, ýogsam bu monarh bilen baky hoşlaşmak çäresiniň esasy däpleriniň biridi.
Soňky bäş günde Şa zenanyň jesedi ýerleşdirilen tabyt Westminster köşgünde saklandy, merhum bilen islän adam hoşlaşmaga baryp bildi. Munuň üçin adamlar köp kilometre uzaýan nobata durdular. Köpler 10 sagatdan hem gowrak nobata durdy.
Onuň Alyhezretleri Şa zenany bilen hoşlaşmak üçin meşhur adamlar hem geldi, olaryň arasynda öňki futbolçy Dewid Bekhem, sazanda Jeýms Blant, şeýle-de ýurduň öňki IIM-niň başlygy Priti Patel hem bardy.
Öňüsyrasy Londona dünýä Liderleri geldiler, olaryň arasynda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden aýaly bilen bardy.
Emmanuel Makron we onuň aýaly, hanym Brijit hem geldi, olara Şa zenany bilen dirikä ýüzbe-ýüz bolmak miýesser edipdi. Matam çäresine aýaly bilen Ispaniýanyň koroly Filipp VI, ýapon Imperatory Naruhito we Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustaw hem ýanýoldaşy bilen geldi.
Agşam sagat 19:30-da Ýelizaweta II jesedi Windzor galasynyň patyşalyk aramgähinde adamsy Şazada Filippiň mazarynyň ýanynda topraga berildi.
Düýn Britaniýada iş güni däl diýlip yglan edildi, garbanyşhanalardyr kinoteatrlar işlemedi.
Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda 97 ýaşynda ýurduny täzeledi. Ol ýurdy 70 ýyl dolandyrdy. Onuň ogly Çarlz Karl III at bilen ýurduň täze Patyşasy boldy.
Gazagystanyň paýtagtynyň merkezi seýilgähindäki gezim baglarynyň birine Şa zenanyň ady dakylar. Bu barada Gazagystanyň Mejlisiniň ýokary palatasynyň metbugat gullugy habar berdi diýip, RIA Nowosti ýazýar.