Britaniýanyň ýaşaýjysy lotoreýada 126 mln dollar gazandy

Britaniýanyň ýaşaýjysy lotoreýada 126 mln dollar gazandy

“Top Gan: Mewerik” filmi tomaşa edilişi boýunça ýene-de rekord goýdy. Bu gezek Tom Kruz bilen düşürilen lenta ABŞ-da iň köp görülýän sanly reliz boldy. Bu barada gazeta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Häzirki wagtda film taryhda iň köp satylýan sanly relizleriň ilkinji ýigrimiligine girdi.Ol ABŞ-daky Amazon-da we Vudu striminginde satuwy boýunça-da rekordy täzeledi.Bellenilişi ýaly, tomaşaçylar sikweli hem-de 1986-njy ýylda düşürilen Toni Skottyň “Iň gowy atyjy” original filmini işjeň satyn alyp başladylar. Şol bir wagtyň özünde, film heniz hem kinoteatrlarda görkezilýär.

Belläp geçsek, “Top Gan: Mewerik” dünýä prokatynda 1,4 mlrd dollar gazanyp, girdeji ýygymy boýunça “Ar alyjylar: Tükeniksizlik söweşi” filminden öňe geçmegi başardy we bu kategoriýa boýunça reýtingde altynjy orny eýeledi.

Mundan başga-da, taslama 1 mlrd dollar bellikden geçenden soň, Tom Kruzyň şahsy rekordyny hem täzeledi.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Tom Kruzly film ABŞ-da iň köp görülýän sanly reliz boldy
Tom Kruzly film ABŞ-da iň köp görülýän sanly reliz boldy
Kataryň häkimiýetleri syýahatçylar üçin giriş düzgünlerini ýönekeýleşdirdi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany