Britaniýanyň uniwersitetleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýärler

Britaniýanyň uniwersitetleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýärler

Britaniýanyň uniwersitetleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge barha köp gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Britaniýanyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa eksport boýunça sebitleýin direktory Sara Çiji Türkmenistanyň bilim ministriniň ounbasary Azat Ataýew bilen penşenbe güni Aşgabat şäherinde bolan duşuşygynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

“Britaniýanyň birnäçe uniwersitetleri, şol sanda Westminster uniwersiteti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ýokary bilim ulgamynda bilim hyzmatlaryny hödürlemäge gyzyklanma bildirýär” diýip, S.Çiji aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Britaniýanyň bilim edaralarynyň Gazagystandaky we Özbegistandaky üstünlikli iş tejribesi Türkmenistanda hem durmuşa geçirilip bilner.

Duşenbe güni A.Ataýewiň Britaniýanyň Daşkent şäherindäki konsullygynyň direktory Denis Wodding bilen hem duşuşygy boldy. Taraplar dünýäniň 11 müňden gowrak bilim edaralary tarapyndan ykrar edilýän iňlis dilini bilijilik derejesine baha berýän “IELTS” synaglaryny tabşyrmak üçin şertleri döretmek mümkinçiligine garadylar.

Habar berlişine görä, geljek ýylyň başynda bilim babatda hyzmatdaşlyk meselelerini Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizmek göz öňünde tutulýar. Maý aýynda bolsa taraplar London şäherinde geçiriljek Bütindünýä bilim forumynda duşuşarlar. Şonda degişli ugurda hyzmatdaşlygyň jikme-jik ugurlary kesgitlenen “ýol karta” tanyşdyrylar.

Iki diplom bermek maksatnamasy, türkmen bilim edaralaryny britan ölçeglerine laýyk getirmek, Türkmenistanda halkara synaglary tabşyrmak üçin şertleri döretmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Ozal habar berlişi ýaly, bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Waşington şäherinde birnäçe duşuşyklary geçirip, olaryň dowamynda synaglary standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri, şol sanda TOEFL, GRE hem-de “Praxis” ýaly standart synag ulgamlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda öňdeligi düzýän daşary ýurt uniwersitetleri, ýokary bilim we ýaşlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar
Iş Nokady TOEFL, IELTS hem-de Duolingo dil testlerini tabşyrmaga taýýarlaýan okuwlary guraýar
Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar kabul edilýär
6-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen döwlet uniwersitetinde Rumyniýada okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy