Britaniýanyň täze premýer-ministri Liz Trass bolar

Britaniýanyň täze premýer-ministri Liz Trass bolar

Beýik Britaniýanyň DIM-niň başlygy Liz Trass dolandyryjy Konserwatiw partiýanyň lideri wezipesi üçin göreşde ýeňiş gazandy. Bu barada içerki partiýa ses berişliginiň netijesi boýunça mälim edildi diýip, TASS habar berýär.

47 ýaşly Trassyň kandidaturasy üçin Konserwariw partiýanyň 81 326 adaty agzasy ses berdi.Onuň garşydaşy 42 ýaşly öňki maliýe ministri Rişi Sunak 60 399 ses aldy. Şeýlelik bilen, dolandyryjy partiýanyň lideri hökmünde Trass 6-njy sentýabrda premýer-ministr wezipesinde Boris Jonsonyň ornuny çalşyryp, hökümetiň täze düzümini bellär.

Trass Beýik Britaniýanyň 56-njy premýer-ministri (ýa-da bu wezipäni bir gezekden köp eýelänleri göz öňünde tutanyňda 78-nji) we şa aýaly Ýelizaweta II-niň dolandyrýan döwründe 15-nji premýer-ministr bolar. Şeýle-de, ol Margaret Tetçerden (1979-njy ýyldan 1990-njy ýyl aralygynda Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk etdi) we Tereza Meýden (2016-njy ýyldan 2019-njy ýyl aralygy) soň Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk eden üçünji aýal bolar.

Onuň Aly Hezretleriniň hökümetiniň wezipesinde resmi tassyklanmagy sişenbe güni monarh bilen audiensiýada bolar.Premýer-ministr ilkinji gezek Londondaky Bukingem köşgünde däl-de, Şotlandiýadaky Balmoral galasynda belleniler, bu ýerde, adatça, Ýelizaweta II tomsuň ikinji ýarymyny we sentýabryň başyny geçirýär.

Ýene degişli makalalar

Trass hökümet başlygy wezipesine bellendi, täze hökümet düzüldi
Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasy üçin synag tabşyrylanda nämeleri bilmeli, Karaçi şäherine Aşgabatdan ynsanperwerlik ýükleri gelip gowuşdy, 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkalaýyn elektroulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasy üçin synag tabşyrylanda nämeleri bilmeli, Karaçi şäherine Aşgabatdan ynsanperwerlik ýükleri gelip gowuşdy, 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkalaýyn elektroulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär
Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri belli boldy  
Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi