Britaniýaly Ministrler Ukraina Krizisini Ara Alyp Maslahatlaşmak Üçin Moskwa Gider

Britaniýaly Ministrler Ukraina Krizisini Ara Alyp Maslahatlaşmak Üçin Moskwa Gider

Britaniýanyň Daşary işler ministri Liz Trass bilen Goranmak ministri Ben Uollesiň birnäçe günüň dowamynda Russiýanyň paýtagty Moskwa gitjekdikleri habar berildi.

Mesele hakynda berlen beýannamada, “Premýer-ministr Boris Jonsonyň geçen hepde Awam Kamarasynda Russiýa bilen ýakyndan gatnaşyk edilip bilinjekdigi hakyndaky çykyşyndan soň, daşary işler we goranmak ministrlerine ýakynda kärdeşleri bilen duşuşmak üçin Moskwa gitmekleri barada görkezme berendigi nygtaldy.

Birtaniýanyň Daşary işler we Goranmak ministrine, Putiniň ýolbaşçylygyndaky rus hökümeti bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy we Ukraina dartgynlygynyň gowşamagy üçin tagalla etmekleri barada görkezme berildi” diýildi.

Beýannamada, Boris Jonsonyň soňky hepdelerde ýaranlary bilen geçiren gepleşiklerinde Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegine ünsi çekendigi, şeýle bolman halatynda “Russiýada we Ukrainada müňlerçe adamyň ýogaljakdygyny ýatladandygy” bellenildi.

Beýannamada Britaniýanyň Premýer-ministr Boris Jonsonyň ýakynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip biljekdigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

TRT World Forum-2024 Stambulda Geçirler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Aragatnaşyk Ulgamy Döredildi
“Halkara Azyk Krizisiniň Çözülmegi Üçin BMG, Ukraina we Russiýa Bilen Aragatnaşyk Saklaýarys”
Eýrandaky sil apatynda ekin meýdanlaryna zyýan ýetdi
Sanksiýalaryň Bes Edilmegi Bilen Azyk Krizisi Çözüler
Eýranda çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy